Türkmenistanyň üstünlikleriniň sergisine taýýarlyk görülýär

20-21-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi geçiriler diýip, Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Söwda-senagat edarasynda (SSE) pawilýonlary serginiň çyzgysyna laýyklykda ýerleşdirmek, şeýle hem serginiň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler  alnyp barylýar. Serginiň guramaçylyk işine ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary hem-de hususyýetçiler işjeň gatnaşýarlar.

Sergide energetika, senagat, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, ýangyç-energetika toplumynda, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrylar. Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýetilen sepgitler görkeziler. Şol maksat bilen tanyşdyrylyş dabarasy üçin ýörite meýdançanyň gurnalmagy göz öňünde tutulýar. 

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: