Türkmenistan «Kazan Digital Week» halkara forumyna gatnaşar

«Kazan Digital Week» 20-22-nji sentýabr aralygynda Tatarstanyň paýtagtynda geçiriler. Halkara forumyň wezipesi – ylmy-tehniki maglumatlaryň alyş-çalşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmekden, importyň ornuny tutmak we importdan öňe geçmek meselelerini netijeli çözüp biljek ylmy-tehnologik serişdeleri birleşdirmekden ybaratdyr.

Halkara çärä gatnaşmak üçin eýýäm 3,3 müňden gowrak adam hasaba alyndy. Türkmenistandan iki gatnaşyjy hasaba alyndy. Gatnaşyjylary hasaba alyş işleri 19-njy sentýabra, sagat 12:00-a çenli dowam eder.

KDW – 2023-iň maksatnamasy sergini, umumy mejlisleri, iş bölümlerini, tegelek stollary, tehniki saparlary, çekişmeleri, ussatlyk sapaklaryny we giň gerimli medeni maksatnamany öz içine alýar. Çäreler mowzuklaýyn ugurlara görä düzülendir: intellektual ulag ulgamlary; döwlet dolandyryş ulgamynda sanly tehnologiýalar; sanly senagat 4.0; täze döwrüň kiberhowpsuzlygy; finteh ekoulgamy; işewürlige ornaşdyrylan täzelikler; saglygy goraýyş we lukmançylyk, bilim, medeniýet, oba hojalygy pudaklaryndaky sanly tehnologiýalar.
 

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: