Türkmenistan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan we Owganystan energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň we Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň (DABS) wekilleri Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky Nur-al-Jihad podstansiýasyna Türkmenistandan iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak meselelesi boýunça gepleşikleri geçirdiler diýip, Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Taraplar taslamany durmuşa geçirmegiň tehniki ugurlaryna, şol sanda resminamalary taýýarlamak, howpsuzlyk we ätiýaçlandyryş meselelerine garadylar. Taslama elektrik geçiriji liniýasynyň kuwwatyny 110-dan 220 kilowolta çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar, munuň özi Owganystanyň demirgazyk-günbatar bölegine iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Owgan tarapy bu taslamanyň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi, çünki ol Hyratda önümçiligiň ösmegine itergi berer. Türkmenistan birnäçe ýyllaryň dowamynda goňşy ýurda elektrik energiýasyny ýeňillikli bahalar bilen eksport edýär. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda iki döwletiň wekilleri Nur al-Jihad podstansiýasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak barada şertnama baglaşdylar. Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli eksportyň möçberini 8,7% artdyrmagy meýilleşdirýär.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: