Türkmenistanyň Energetika ministrligi halkara bäsleşigini yglan edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrligi elektrik beketlerini we energiýa ulgamyny ätiýaçlyk şaýlary hem-de materiallar bilen üpjün etmek boýunça aşakdaky görkezilen lotlar esasynda halkara bäsleşigini yglan edýär. Paýly lot №1 – Elektrik beketlerini ätiýaçlyk şaýlary hem-de materiallar bilen üpjün etmek. Paýly lot №2 – Energiýa ulgamyny ýokary woltly we pes woltly elektrik enjamlary hem-de materiallar bilen üpjün etmek.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, Türkmenistanyň Energetika ministriniň adyna ýazmaça arza bermeli;

- Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we toplumlaýyn gurluşyk bölüminden lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplaryň sanawyny almaly. Binanyň salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., 2022-nji köç., 55-nji jaý;

- lot üçin 500 ABŞ dollaryny tölemek bilen, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly (goşulan baha üçin salgyt (NDS) we bank töleglerini hasaba almazdan).

Bäsleşik üçin teklipler 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabryna sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik üçin teklipleriň toplumy diňe pul serişdeleri hasaba geçirilenden soň seretmek üçin kabul edilýär. 

Habarlaşmak üçin telefonlar: 37-94-31, 37-94-33.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: