Gahryman Arkadagymyza «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwany» sowgat hökmünde iberildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda 20-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada TDH-niň resmi saýty habar berýär.

Bu çärä Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam etdi diýlip, çeşmede bellenilýär.
 

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: