Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygyndaky bu möhüm möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: