13-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.