Aşgabatda geçirilen halkara maslahat dünýäniň dürli ýurtlaryndan ylmy edaralaryň wekillerini bir ýere jemledi

Türkmen  paýtagtynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu forum ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Foruma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, mugallymlar we ýaş oýlap tapyjylar bilen birlikde, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Wýetnamyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde halkara maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Ylmy forumyň bölümler boýunça mejlisleri dürli ugurlardaky ylmy barlaglara bagyşlandy. 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika meseleleri boýunça mejlis geçiriler. Bu bölümiň çykyşlarynda köp sanly döwletleriň ylmy-barlag we tejribe-maslahat merkezlerinde üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalara, şol sanda ekologik taýdan howpsuz çig mal serişdeleriniň işlenilişi, nebitgaz, himiýa, energetika we beýleki ugurlaryň ylmy-önümçilik taýdan enjamlaşdyrylyşyna garalar. 

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: