Päkistanda TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşylýar

7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň, Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary Annageldi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iki günlük iş sapar bilen Yslamabat şäherine geldi diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.

Päkistanyň Energiýa ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini, aýratyn-da Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji liniýasynyň we optiki-süýmli aragatnaşyk liniýasynyň durmuşa geçirilişi barada maslahatlaşdylar. Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatynda möhüm işleriň ýerine ýetirilendigi bellediler.

Päkistan tarapy TOPH we TOP taslamalarynyň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegi we Päkistanda energiýa howpsuzlygyny we ykdysady ösüşi gazanmakda ähmiýetini belläp, Päkistanyň hökümetiniň bu taslamalary doly goldaýandygyny nygtady. TOP elektrik geçirijisiniň TOPH gaz geçirijisine parallel çekiljekdigi, munuň bolsa diňe bir gaz geçirijisini we onuň desgalaryny elektrik energiýa bilen üpjün etmän, eýsem, Päkistanyň içerki islegini kanagatlandyrmakda we elektrik energiýasynyň çykdajylaryny azaltmakda möhüm orun eýeläp biljekdigi bellenildi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: