Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň — galla oragynyň başlanandygyny we onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bugdaý oragynda ähli düzümleriň bökdençsiz işledilmegi, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimlere tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz ekologik abadançylygyň üpjün edilmeginiň, tebigaty goramagyň we oňa aýawly garamagyň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygyny belläp, iş maslahatyna gatnaşyjylary ýetip gelen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gutlady.
 

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: