Eýranyň «Mapna Group» senagat toplumy elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy nazarlaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde 31-nji maýda Eýranyň onlarça kompaniýany özünde jemleýän «Mapna Group» senagat toplumyna baryp gördi. Bu barada TDH habar berýär.

Bu ýerde Milli Liderimiziň dykgatyna kompaniýalaryň işini utgaşdyrýan senagat toplumynyň köpugurly ýola goýýan işi, şol sanda elektroenergetika pudagynda alyp barýan taslamalary barada giňişleýin maglumat berýän tanyşdyryjy wideorolik hödürlendi.

Hususan-da, kompaniýalar toparynyň iş çygrynda energetika desgalarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak, esasy we kömekçi enjamlary öndürmek, şol sanda elektrik energiýasyny işläp çykarmak üçin utgaşykly enjamlary öndürmek işleri ýerine ýetirilýär. Bulardan başga hem, «Mapna Group» senagat toplumy ulag ulgamlaryny ulanmak we olara tehniki hyzmat etmek, bu ulgamlary elektrikleşdirmek işlerini alyp barýar.
 

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: