Elektroenergetika ulgamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy

Tähranda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda 30-njy maýda geçirilen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Elektroenergetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy birleşdirjek Mary — Maşat elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy. 

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi iki dostlukly ýurduň, olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar 

Gahryman Arkadagymyzyň metbugat wekillerine ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, «elektroenergetika ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Eýrana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy».

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: