Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly hasabatlary diňledi

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri bu meseleler boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Şeýle-de Çagalary goramagyň halkara gününi, Bütindünýä welosiped gününi, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi bellemäge taýýarlyk işleri hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň üstünlikli geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, welaýatlarda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimlere tabşyrdy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: