Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

30-njy aprelde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy diýip, TDH habar berýär.

Baýramçylyk güni dürli aralyklara at çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Olara baýramçylyk mynasybetli ýokary derejede seýislenen we seçilip alnan bedewler gatnaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Akhan» diýen baş baýragyny hem-de göçme kubogy almak ugrunda geçirilen çekeleşikli çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly bedew ýeňiji boldy. Ony ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy.
 

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: