Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde elektroenergetika pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň meselelerine garaldy

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda energiýa üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, birnäçe energetika desgalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda bu pudaga möhüm orun degişlidir.

Görülýän çäreler durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp wezipelerini çözmäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini giňeltmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy diýlip, çeşmede bellenilýär.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: