Türkmenistanyň günbatarynda kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly elektrik stansiýasy gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 10-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklibi makullady.

Döwlet Baştutanymyz içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň hem-de türkmen elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň we eksport ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Annamämmedowa bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: