Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.

Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet Baştutanlary, dürli ýurtlaryň hem-de iri halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşýarlar.

Gün tertibine sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine, ilkinji nobatda, COVID-19-a garşy bilelikde göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek, onuň gaýtadan ýüze çykmazlygyny kepillendirmegiň zerur bolan gorag usullaryny döretmek, ykdysady we söwda gatnaşyklary dikeltmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin anyk teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi (Çykyşyň doly ýazgysy TDH-nyň saýtynda ýerleşdirildi).

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: