Hormatly hanymlar we jenaplar!

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Sizi Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 2023-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy - 2023»(Turkmen Energetika-2023) atly Halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň we energetika pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.  

Bilşimiz ýaly, sergi meýdançalary  tejribe alyşmagyň möhüm guraly we döwlet hem hususy  ulgamyň işewürleriniň duşuşyk ýeri bolup hyzmat edýär. 

Eksponentler siziň taslamalary durmuşa geçirmekde gazanan iň oňat netijeleriňizi görkezmek bilen birlikde, bu ulgamda halkara tejribesiniň ylym-senagat we tehnologiýa gazananlaryna degişli iň soňky işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrar. 

«Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň we energetika pudagynyň ösüşi» atly maslahat size Türkmenistanyň gurluşyk we energetika ulgamlaryndaky mümkinçilikleri we maýa goýum gurşawy barada giňişleýin maglumat almaga şert döreder.

Biz sizi sergä we maslahata gatnaşyjy myhmanlaryň arasynda görmäge örän şatdyrys.

Has giňişleýin maglumaty guramaçylyk toparyndan alyp bilersiňiz:

Türkmenistanyň Energetika ministrligi, 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Saýt:www.cci.gov.tm

Elektron poçta:exhibition@www.cci.gov.tm

Bilelikdäki guramaçylar: Net Fuar Organizasyon. Ltd.Sti/Net Organization.

Web saýt: www.turkmenenergetika.com

E-mail: info@turkmenenergetika.com.

Telefon belgilerimiz: +902122726120.

Whatsap: +905389726120.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: