Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäklerinde elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy ýanwarda Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäklerinde elektroenergetika ulgamynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, häzirki wagtda elektroenergetika ulgamynda Marynyň döwlet elektrik stansiýasyny hem-de Türkmenbaşy şäheriniň ýylylyk elektrik merkezini döwrebaplaşdyrmak işlerine «Silowyýe maşiny» paýdarlar jemgyýetini çekmek boýunça taslamanyň üstünde işlenilýändigi bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyň orunbasary Şahym Abdrahmanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowakyň arasynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Russiýa bilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, elektroenergetikada, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we parahatçylykly atom ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rus kompaniýalarynyň enjamlary ýerlemek boýunça ýerli potratçylary çekmek bilen Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda öz hyzmatlaryny hödürleýändikleri bellenildi.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: