Ylmy-barlag taslamalary boýunça türkmen-özbek bäsleşigi guralýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Özbegistan Respublikasynyň Innowasion ösüş ministrligi ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň bäsleşigini guraýarlar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär.

Gözden geçirilişe aşakdaky ugurlar boýunça ylmy işler kabul edilýär: nano-, bio- we himiýa tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek we energetika, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, häzirki zaman medisina we derman serişdeleriniň önümçilik tehnologiýasy, şeýle hem ynsanperwer ylymlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin forma laýyklykda doldurylan resminamalary aşakdaky salga ibermeli: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15-nji jaý. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-30-89; 94-14-52.

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar 2023-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: