Energetika toplumynyň kärhanalary gyş möwsümine taýýarlyk görýärler

16-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bug gazan hojalygy, energetika, gaz, suw we jemagat hojalygy kärhanalarynyň 2022-2023-nji ýyllaryň gyş ýyladyş möwsüminde bökdençsiz hem-de howpsuz işini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär. Hususan-da ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik togy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, ýurdumyzda hereket edýän gaz turbinalarynda, bug turbinalarynda hem-de dürli güýjenmeli elektrik geçiriji howa ulgamlarynda, dürli kuwwatlyklardaky transformator beketlerinde abatlaýyş işleriniň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilendigi barada habar berildi. Soňra energetika ministri H.Rejepmyradow güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, anyk çäreler durmuşa geçirildi. Hususan-da, degişli meýilnama, ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan işleriň sanawy düzüldi, olary durmuşa geçirmegiň möhletleri kesgitlenildi.

Şeýle-de «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýanynda we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýörite iş toparlary döredildi. Gyş möwsüminde sarp edijileri we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin anyk çäreler görüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Purçekowa hem-de toplumyň ýolbaşçylaryna güýz-gyş möwsüminde sarp edijilere elektrik energiýasynyň bökdençsiz iberilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi we elektrik stansiýalarynda möwsümleýin abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de raýatlar tarapyndan elektrik enjamlarynyň howpsuz ulanylmagy berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: