Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň hem-de «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitlerine gatnaşdy

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşmak üçin, şeýle-de doganlyk ýurda döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Liderleri köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine sammitde beýan edilen, Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary seljermek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak teklip edildi. «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitiniň jemleri boýunça Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine alýan döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde geljekde hem ýakyn özara hyzmatdaşlygy berkitmäge pugta eýerýändigini tassyklamak bilen, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirdi we birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: