Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisiniň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy diýip, TDH habar berýär.

Ýurdumyzda ekologik taýdan arassa, ykdysady taýdan bähbitli elektrik energiýasyny almak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Hususan-da, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak meselesiniň üstünde durlup geçildi. Energetika ministrligi tarapyndan bu maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin maslahatçy kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigiň geçirilendigi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşikde ýeňiji bolan kompaniýa bilen maslahat bermek hyzmatlaryny amala aşyrmak barada degişli şertnamany baglaşmak hakyndaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini işjeň peýdalanmagyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň alysda ýerleşen ilatly ýerlerini, barmasy kyn bolan ýerleri elektrik energiýa bilen üpjün etmek üçin ulanmagyň giň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz «ýaşyl» energiýany ulanmak boýunça täze taslamalaryň örän zerurdygyny belledi.

Täzelikler

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: