Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi diýip, TDH habar berýär. Umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözledi. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliňwekillerine degişli döşe dakylýan nyşanlary we şahadatnamalary, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurýar.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: