Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp geçirilen sergide ýurduň energetika pudagynyň üstünlikleri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan ykdysady üstünlikleriň sergisinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan pawilýonda ýurdumyzyň energetika pudagynyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri we täze taslamalary sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Bu babatda häzirki wagtda elektroenergetika pudagy güýçli depginler bilen ösdürilýär, onuň kuwwatlyklary elektrik energiýasyna bolan içerki islegleri doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, ony goňşy döwletlere ibermäge-de mümkinçilik berýär diýlip, TDH-niň saýtynda habar berilýär.

Sergide häzirki zaman binalarynyň, şol sanda energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, “ýaşyl” generator stansiýalarynyň we beýlekileriň şekil taslamalarydyr çyzgylary ýakyn geljekde türkmen energetikasynyň ösdürilmeginiň ugurlaryny synlamaga şert döredýär. Bulardan başga hem, ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerini açyp görkezýän serginiň dowamynda degişli pudagyň işi bilen baglylykda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň — Gün panelleriniň we ýel generatorlarynyň önümçiligi babatda işläp taýýarlamalar tanyşdyryldy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: