Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşdy

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna bardy diýip, TDH habar berýär. 

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Institutyň rektory bu ýokary okuw mekdebiniň 25 ýylyň dowamynda geçen ýoly, gazanan üstünlikleri, şeýle-de talyplaryň dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde mynasyp bolan diplomlary we degişli resminamalar barada giňişleýin maglumat berdi. 

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda energetika pudagynyň ösüş taryhynyň Murgap derýasynda 1,2 megawat kuwwaty bolan Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurulmagy bilen başlanýandygyny belledi. «Ol öz döwründe Ýewraziýa sebitiniň agramly bölegindäki iň kuwwatly elektrik stansiýasy bolupdyr. Dünýäde şonuň ýaly 110 ýyla golaý taryhy bolan, başda oturdylan enjamlary bilen işläp duran elektrik stansiýasy başga ýokdur. Ony «tehniki pikiriň ýadygärligi» diýip atlandyrmak mümkin. «Özboluşly muzeý» diýip atlandyrsagam bolýar» - diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy geljegi uly energetika taslamalary we olary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny hakynda aýtdy.

Şu ýylyň 12-nji awgustynda bu institutyň döredilenine 25 ýyl boldy, alym Arkadagymyz hemmeleri bu şanly sene bilen gutlady.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: