Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

20-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, şeýle hem toplumyň çäginde guralan bu ýerde ösdürip ýetişdiren oba hojalyk we azyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy «Döwletliler köşgünde» terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy. Çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: