Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 25 ýyllygyny belleýär

Çärýek asyr mundan ozal – 1997-nji ýylyň 12-nji awgustynda Maryda Ýokary tehniki kollejiň binýadynda häzir Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagynda bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty döredildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet-neşiri habar berýär.

Bu ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň çalt depginlerde ösýän energetikasy, senagaty we aragatnaşygy üçin bilimiň öňdebaryjy usullary esasynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlaýar. 

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna berilmeginden soň, institut ýurdumyzyň halk hojalygy toplumy üçin alternatiw energetika, energonetijelilik we beýleki innowasion ugurlaryň ylmy esaslaryny döretmekde öňe saýlandy.

Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Uniwersitetleriň Halkara assosiasiýasynyň (UHA) agzalygyna goşuldy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: