«Awazada» halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerine sylaglar gowşuryldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

«Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Abraýly halkara ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik eden türgenlere döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ajaýyp waka mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, şeýle hem sportyň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. 

Şeýle hem şol gün halkara ýaryşlara gatnaşyp, 2-nji we 3-nji baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: