Döwlet Baştutanymyz halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini gutlady diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz sport ussatlarymyzyň halkara derejeli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýurdumyza gelýän medallaryň sanawyny has-da artdyrjakdyklaryna, halkara sport giňişliginde özleriniň gazanan üstünlikleri bilen Döwlet baýdagymyzy mundan beýläk-de belentde parlatjakdyklaryna pugta ynam bildirdi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-15 / Makalalar

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: