Türkmenistanyň birnäçe parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary ählumumy ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilendir

Türkmenistan BMG-de döwletara gatnaşyklarynda özara ynamy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary taýýarlaýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Çoplon Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda belledi diýip, TDH habar berýär.

«Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-de 2023- nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy taýýarlaýar we biz bu oňyn teklibiňMerkezi Aziýa ýurtlarynyňählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirýäris. Şol bir wagtyň özünde biz BMG-de Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdik. Bu başlangyjyň hem goldanyljakdygyna umyt edýäris» - diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi teklip etdi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: