Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady diýip, TDH habar berýär.

Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra bäş döwletiň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. 

Dostlukly döwletleriň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek işinde bu forumyň ähmiýetini bellediler. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn çäreleri geçirmek, sebitiň ähli döwletleriniň rowaçlanmagyna we durnuklylygyna ýardam etmek maksady bilen, özara saparlary amala aşyrmak arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, has takygy, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek hem-de Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary taýýarlaýar. Döwlet Baştutanymyz bu oňyn teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirýändigini nygtady (hormatly Prezidentimiziň çykyşy dolulygyna TDH-nyň saýtynda çap edilen).

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: