Döwlet Baştutanymyz sebitlerde oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garalyp, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlarda gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmekde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi hem-de bu işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmak, işleriň netijeliligini gazanmak, ýer kadastryny taýýarlamak, tohumlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini saýlamak, täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwdan rejeli peýdalanmak boýunça teklipleri ýakyn wagtda taýýarlamak barada häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyny ýokary hilli we gysga möhletde üstünlikli tamamlamak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz geljekki bol hasylyň düýbüni tutmak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barlyşyna gözegçilik etmek, ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigi barada degişli görkezmeleri berdi.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda ideg etmek işleri, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz suwy rejeli peýdalanmak meselelerine häzirki zaman ylmy we milli daýhançylyk däpleri esasynda çemeleşilmelidigini belledi hem-de suw üpjünçiligi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň uzak ýaýlalaryndaky we düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, ekin dolanyşygyna geçmek bilen bagly işleri düýpli seljermek, bu ugurda häkimler bilen bilelikde anyk teklipleri taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hasabatyny dowam edip, Gazagystanyň bugdaýyny we un önümlerini Owganystana hem-de Owganystanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatory hem-de oňa gerek bolan haltalary öndürýän önümçiligi gurmak maksat edinilýär. Bu işleri paýly gatnaşyk esasynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz bu işleriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermekde ähmiýetlidigini nygtap, hödürlenen teklibi içgin öwrenmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: