Türkmenistanly zyýaratçylar haj parzyny berjaý etmäge gitdiler

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar. Bu barada TDH habar berýär.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp bolan dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.

Zyýaratçylar metjitde bolmagynyň çäginde yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý etmek babatda döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: