Türkmen parlamentariýleri iri halkara foruma gatnaşýarlar

30-njy iýunda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň «Ählumumy parahatçylygya we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak» atly maslahaty öz işine başlady. Türlmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti bu maslahatyň işine we onuň çäklerinde geçiriljek çärelere we duşuşyklara gatnaşýar diýip, «Türkmenistan: altyn asyr» saýty habar berýär.

Bu forumy geçirmek başlangyjy geçen ýylyň güýzünde Parlamentara birleşmäniň 143-nji Assambleýasynyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň Başlygy, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan öňe sürlüpdi. Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň başlyklarynyň, wise-başlyklarynyň we deputatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen mejlisde Parlament tory döredilip, ol Hereketiň taryhynda täze sahypany açar we parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.

Bakuda geçirilýän häzirki duşuşykda GH-niň PT-niň Iş ugurlaryny, resmi nyşanyny we baýdagyny tassyklamak, şeýle hem Baku jarnamasyny kabul etmek, Toruň başlygyny we Başlygynyň orunbasarlaryny saýlamak göz öňünde tutulýar. Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Azerbaýjanyň döwlet işgärleri bilen duşuşyklarynyň meýilleşdirilýär.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: