Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2022 jemlendi

Medeniýet hepdeligi-2022 ýurduň sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlendi diýip, TDH habar berýär.

Mary welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagy belentden ýaňlandy.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýeti ösdürmek, ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmak we döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin ähli amatly şertleri döretmek baradaky aladasy, bu forumy ýokary derejede geçirmek babatda döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär. 

Köpöwüşginli baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine hem-de döredijilik ylhamyna ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüne sena bolup ýaňlandy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: