Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleri, binalaryň bezeg germewleriniň aýratynlyklary, şeýle hem täze şäheriň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde oturdyljak enjamlaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyza täze merkezde ulanyljak elektrobuslaryň we elektrotaksileriň tehniki häsiýetnamalaryny, olaryň görnüşlerini, ýolagçy ulaglarynyň reňk özboluşlylygyny beýan edýän modelirlenen şekiller hem-de taslamalar görkezildi. 

Hormatly Arkadagymyz merkeziň degişli düzümleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygynyň dowamynda täze şäherde gurulýan ýerasty ulag geçelgesiniň taslamasy, şeýle hem edara binalarynyň howlulary üçin niýetlenen derwezeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Gözden geçirilen taslamalaryň hatarynda täze merkezde gurulmagy meýilleşdirilýän umumy meýdany 12,9 gektar bolan metjidiň taslama görnüşleri hem bar. Gezelenjiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan dokuz gatly ýaşaýyş jaýyna baryp gördi we onda göz öňünde tutulýan şertler bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda Gahryman Arkadagymyz  şähergurluşyk ulgamynda tejribe alyşmak üçin hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Wýetnama iş saparyna iberilýändigini aýtdy. 

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bir aýyň dowamynda binalary enjamlaşdyrmagyň we degişli sazlaýyş-gurnama işlerini geçirmegiň anyk wezipelerini kesgitläp, şu döwürde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde işleýänleriň köpüsiniň ýaşlardygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine goşmaçalary girizmegiň teklip edilýändigini, şeýle hem ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmek üçin guralyň işlenip taýýarlanylýandygyny, eger-de, telekeçiler tarapyndan esaslandyrylan kärhanalaryň işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolsa, ony “ýaşlar kärhanasy” diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny, şeýle kärhanalara döwlet goldawyny bermek üçin ýeňillikleriň göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy.

Täzelikler

2022-08-13 / Beýlekiler

Türkmenistan elektrik energiýasynyň önümçiligini we eksportyny artdyrýar

2022-08-12 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 25 ýyllygyny belleýär

2022-08-11 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Harby-Deňiz Güýçleriniň gämilerini gözden geçirdi we dabaraly harby-deňiz ýörişini kabul etdi

2022-08-10 / Beýlekiler

Türkmenistanda täze ekologiýa taslamasy işe girizildi

2022-08-09 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

2022-08-08 / Beýlekiler

Türkmen elektroenergetikleri halkara forumyň çäklerinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar

2022-08-06 / Beýlekiler

Hormatly Prezidentimiz halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

2022-08-05 / Beýlekiler

Глава Туркменистана совершил велокросс по прибрежной зоне Каспия

2022-08-04 / Beýlekiler

«Awazada» halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerine sylaglar gowşuryldy

2022-08-03 / Syýasy

Döwlet Baştutanymyz halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerini gutlady

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: