Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerleriň hasabatlaryny diňledi.

2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, 2025-nji ýyldan başlap orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek we bu ulgamyň dolandyrylyşyny döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk çäreler barada habar berildi.

«Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada aýdyldy. Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyza Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň, Merkezi bankyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň karz serişdelerini çekmegiň hasabyna, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça teklipler barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklibi makullap, meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmennebit» döwlet konserniniň guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamany baglaşmagy hakynda» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek babatda  «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek baradaky teklipleri makullady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň meselelerine degip geçmek bilen, galla oragynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň hem-de hasylyň ýitgisiz ýygnalmagynyň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Mejlisiň dowamynda «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýonyny gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek medeni çäreleriň hödürlenen meýilnamasyny makullady.

Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyk barada habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz VI Hazar sammitiniň möhümdigine ünsi çekmek bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine Aşgabat sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

«Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakynda we milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnamalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygy hakynda hasabat berildi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: