Halkara forumyň dowamynda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge bagyşlanan ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

23-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň «GaffneyСline» kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna onlaýn tertibinde hem görkezildi. Oňa Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän halkara missiýalaryň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem forumyň işine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary onlaýn görnüşde goşuldylar. 

Forum «Uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň ekologik taraplary we täze döwrüň energiýasyna geçiş», «Wodorod — geljegiň ýangyjy», «Zyňyndylary doly aýyrmak we monetizasiýa üçin metan zyňyndylaryny we kömürturşy gazyny azaltmak», «Ekologiýa we howa boýunça maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri hem-de arassa energiýany öndürmekdäki başlangyçlar» atly dört ugry öz içine aldy.

Maslahatyň barşynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hem-de energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerine, uglewodorod bazarlarynyň täze döwrüň energetikasyna geçmekde eýeleýän ornuna, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki zaman meýillerine, tebigy serişdelere aýawly çemeleşilmegine we beýlekilere aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan tebigaty goramak ulgamyndaky syýasatynyň möhüm ugurlary, daşky gurşawy goramakda milli, sebit hem-de halkara derejede amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar, şol sanda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda häzirki zaman, ekologik taýdan arassa we tygşytly «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak babatda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy.

Nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ekologik ugurlaryna hem ähmiýet berildi. Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginlere eýe bolandygy bellenildi, bu ulgamda amala aşyrylýan bilelikdäki iri taslamalar olaryň netijeleridir. 

Forumyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: