Mary welaýatynda döredijilik forumynyň açylyşy boldy

22-nji iýunda Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy diýip, TDH habar berýär.

Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň hatarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden tanymal teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işiniň hünärmenleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, döredijilik hem-de folklor toparlary bar.

Ruhyýet köşgüniň zalyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. 

Dabara sungat ussatlarynyň, dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri — ýaş ýerine ýetirijileriň, meşhur saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Soňra Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Mary» myhmanhanasynda utgaşykly görnüşde halkara mediaforum geçirildi. 

Günüň ikinji ýarymynda Mary welaýat kitaphanasynda «Arkadagyň dowamaty dowamdyr» ady bilen iş maslahaty we şygryýet agşamy geçirildi. Maslahatyň we döredijilik agşamynyň çäklerinde, ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, döwrebap derejede medeni aň-bilim işlerini guramak barada pikir alşyldy.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlary döredijilik maksatnamasynyň dowamy boldy.

Şeýle giň gerimli çäreleri geçirmek üçin uly tehniki mümkinçiliklere eýe bolan «Türkmeniň ak öýi» binasy hem bir hepdeläp ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyş etjek ýerine öwrüler. Bu ýerde agşam Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Döredijilik forumynda ilkinji gezek hödürlenilýän çykyşlar günorta sebitiň ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak sowgat bolar. Medeniýet hepdeligi — 2022-niň çäklerinde meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň konsertlerini, çekilen suratlaryň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň we neşir önümleriniň sergilerini, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň düşüren kinolarynyň görkezilişlerini, usulyýet maslahatlaryny, wideomaslahatlary, ylmy we edebi duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: