Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna bardy

18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz Darganata etrabynyň edermen daýhanlaryny galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmekleri bilen gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz gallaçy kärendeçi Azat Joraýew bilen söhbetdeş boldy hem-de daýhanyň haýyşy boýunça onuň ösdürip ýetişdiren bugdaýyny ormaga ak pata berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerine tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz giň zalda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazanan üstünlikleri, meýilnamalary hem-de geljekki ösüşleri we onuň käbir düzümleriniň işi hakynda söz açýan sergi bilen tanyşdy. 

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň Baş direktory Çen Huaýlun hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa fotosuratlary we çyzgylary görkezdi, şolarda nebitgaz pudagynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada gürrüň berilýär. Hytaýly işewür döwlet Baştutanymyza Farap etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berilýän gaz ýygnaýjy bekediň ugurdaş düzümleri, onuň gaz geçiriji ulgamy we bu toplumyň ortaça ýyllyk kuwwatlylygy barada maglumat berdi.

Täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşy mynasybetli dabaraly maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň ýurdumyzyň senagat taýdan depginli ösýän sebitleriniň biridigini kanagatlanma bilen belledi. Welaýatda gurulýan döwrebap kärhanalaryň, önümçilik-medeni maksatly desgalaryň sany barha artýar.

«Gadyn» käninde täze gurlan gaz ýygnaýjy beket hem şeýle desgalaryň biridir. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň «Kiştiwan», «Günbatar Kiştiwan», «Gadyn», «Eljik» we «Gündogar Eljik» känlerinden tebigy gazyň gije-gündizde 5,5 million kub metrini ýygnap, Hytaý döwletine ibermekde bu bekede uly orun degişlidir.

Döwrebap desganyň işe girizilmegi täze iş orunlarynyň 200-sini döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi halkymyzy iş bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda «Gadyn» bekediniň işläp başlamagyna ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz teleköpri arkaly Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisini ulanmaga bermek üçin ak pata berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde merkeziň enjamlaşdyrylyşy hem-de önümçilik-tehnologik tapgyrlary bilen tanyşdy.

Täzelikler

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: