Türkmenistanyň Prezidenti galla oragyna badalga berdi we Mary welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna bardy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy diýip, «TDH» habar berýär. 

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Tagtabazar etrabynyň gallaçy-kärendeçileriniň döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, ekerançylary zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de Mary welaýatynyň zähmetkeşleriniň galla hasylyny ýygnamak boýunça borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna baryp, bu ýerde kärendeçi-daýhan Atageldi Ärnyýazowyň kärende ýeri bilen tanyşdy we onuň bilen gürrüňdeş boldy.

Kärendeçi Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenip, galla oragyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz “Bismilla” diýip, bugdaýdan bir desse orup, täze hasylyň oragyna ak pata berdi hem-de daýhana bol hasyl almagy arzuw etdi. Şeýlelikde, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý oragyna özboluşly badalga berildi. Şol pursatda häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryna erk edýän mehanizatorlar bugdaý hasylyny ýygnamaga girişdiler.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bilen söhbetdeş boldy. Alym merkezde köp ýyllaryň dowamynda ylmy barlaglaryň geçirilýändigini, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleriniň döredilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, B.Nowruzow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Arkadagly Serdarymyz türkmen alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyryp döreden tohumlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miwesidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleýän ylmy-barlag institutlarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugra häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi, şeýle hem welaýatlaryň, etraplaryň oba hojalyk hünärmenleriniň oba hojalykçy alymlar bilen bilelikde iş alyp barmaklaryny ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy, onda gowaçanyňdyr bugdaýyň tohumlarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem täze hasyldan taýýarlanylan çörek we çörek önümleri görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Mary şäherinde ýerleşýän welaýatyň baş metjidine — Gurbanguly hajy metjidine geldi.

Bu metjitde mukaddes Mekgeden getirilen teperrik goýuldy. Hormatly Prezidentimiz ony beýleki welaýatlaryň metjitlerinde gezekli-gezegine goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mukaddes teperrik Arkadagly Serdarymyza Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny amala aşyran mahalynda yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan mukaddes Käbeden çuňňur hormatyň nyşany hökmünde gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda gurlup, onuň bilen bir bitewi binagärlik toplumyny emele getiren, köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz toý sadakasyna gatnaşdy.

Soňra Arkadagly Serdarymyz täze binadan çykyp, Mary welaýatynyň häkimine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Täzelikler

2022-08-13 / Beýlekiler

Türkmenistan elektrik energiýasynyň önümçiligini we eksportyny artdyrýar

2022-08-12 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 25 ýyllygyny belleýär

2022-08-11 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Harby-Deňiz Güýçleriniň gämilerini gözden geçirdi we dabaraly harby-deňiz ýörişini kabul etdi

2022-08-10 / Beýlekiler

Türkmenistanda täze ekologiýa taslamasy işe girizildi

2022-08-09 / Beýlekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

2022-08-08 / Beýlekiler

Türkmen elektroenergetikleri halkara forumyň çäklerinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar

2022-08-06 / Beýlekiler

Hormatly Prezidentimiz halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

2022-08-05 / Beýlekiler

Глава Туркменистана совершил велокросс по прибрежной зоне Каспия

2022-08-04 / Beýlekiler

«Awazada» halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerine sylaglar gowşuryldy

2022-08-03 / Syýasy

Döwlet Baştutanymyz halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerini gutlady

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: