Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Iş maslahatynda häkimler welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, kombaýnlaryň we ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdiler. Şol bir wagtyň özünde gowaçalaryň hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri baradaky maglumatlar hasabatlaryň özenini düzdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de olaryň ýitgisini azaltmak maksady bilen, toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi, ýetişdirilen hasylyň talabalaýyk saklanmagy we gaýtadan işlenmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi wajyp talap bolup durýar diýdi.

Gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek maksady bilen, alnyp barylýan ideg işleriniň depginleri güýçlendirilmelidir, olar agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidir. Şunuň bilen birlikde, degişli welaýatlarda şaly ekişiniň talabalaýyk alnyp barylmagy, şugundyr ekişine görülýän taýýarlyk işleri yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmelidiginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralmadan, gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş suwlary bilen üpjünçiliginiň we suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini belläp, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, olaryň ulanylyşynda häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri ylmy esasda seljerip, degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Täzelikler

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: