Ýaş alymlary sylaglamak dabarasy boldy

12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biridir diýip nygtaýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 140-sy gatnaşdy. Şol sanda 730 talyp we 410 ýaş alym bäsleşikde özleriniň işläp taýýarlamalaryny, amaly işlerini, ylmy barlaglaryny görkezdiler. Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly, ylymda öňe sürülýän alty ugur boýunça geçirildi.

Seljeriş topary hödürlenen işleriň ähmiýetine baha berip, has mynasyp ýaş alymlaryň sanawyny tassyklady. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, 34 talybyň we ýaş alymlaryň 38-siniň işlerini ýeňiji diýip yglan etdi. Şunda hödürlenen taslamalaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, ylmy bäsleşikde ýaş alymlaryň 72-si has tapawutlanyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut etdiler we şu günki dabaranyň baş gahrymanlaryna öwrüldiler.

Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ýeňijilere döwlet Baştutanymyzyň adyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: