Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi. Bu barada TDH habar berýär.

Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady. Döwlet tarapyndan berilýän giň gerimli goldawlar esasynda, ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, halkymyzy hem-de edermen pileçilerimizi tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasylynyň bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi. Daşoguz welaýatyndaky suw bilen üpjünçilik boýunça dowam ed-ýän kemçilikler düzedildi. Häzirki wagtda welaýatda derýalaryň suwunyň kada laýyk bolmagy bilen, sebitiň ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligi gowulandyryldy hem-de geljekde suwy netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanýan galla oragyny guramaçylykly hem-de bellenilen möhletde, ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýola goýulmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz biziň sebitimizde suw bilen bagly kynçylykly ýagdaýlary göz öňünde tutup, wise-premýer A.Ýazmyradowa degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz, birinjiden, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Hökümet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny taýýarlamagy, bu toparyň düzümine Ýokary gözegçilik edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ylmy institutlaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň ýolbaşçylaryny goşmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglary geçirmegiň, suwuň akymynyň geçmezliginiň sebäplerini anyklamagyň, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň we olary amala aşyrmaga gyssagly girişilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, tehnikalary, läbik sorujylary, suw sorujylary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin zerur serişdeleri bölüp bermek barada teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglar geçirilmelidir. Olary arassalamak, betonlamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmeli we bu meýilnamany amala aşyrmaga girişmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem, suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamak hem-de Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek boýunça mümkinçiliklere seredilmelidir.

Täzelikler

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

2025-08-14 / Syýasy

OGT-2025 halkara maslahatyna 100-den gowrak daşary ýurt wekili gatnaşar

2025-08-05 / Syýasy

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça ählumumy maksatnamanyň döredilmegini teklip etdi

2025-07-29 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar

2025-07-08 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika syýasatyndaky ileri tutulýan ugurlary Brýusselde beýan edildi

2025-07-04 / Syýasy

Türkmenistan YHG-niň çäginde energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak mehanizimini döretmegi teklip etdi

2025-06-26 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada saparda bolýar

2025-06-18 / Syýasy

Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

2025-06-08 / Syýasy

Türkmenistan Baku Energetika hepdesine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: