Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna sapary başlady

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Bu barada TDH ýazýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.

Arkadagly Serdarymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli.

Jiddanyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni yslam dünýäsiniň ruhy paýtagtyna — mukaddes Mekge şäherine ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Mukaddes Al-Haram metjidiniň ýanynda döwlet Baştutanymyz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary öýle namazyny (Mültezem) okadylar. Şondan soňra Arkadagly Serdarymyz we türkmen zyýaratçylary umra haj üçin ähli dessurlary ýerine ýetirip başlady. 

Türkmenistanly zyýaratçylar umra hajynyň ähli borçlaryny berjaý etdiler.

Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede hormatly Prezidentimiziň zyýaratynyň çäklerinde mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. Munuň özi hajy Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, umuman, tutuş türkmen halkyna çuňňur hormat-sarpanyň nyşany boldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde musulman dünýäsiniň asylly dessurlaryny birkemsiz berjaý edip, mukaddesliklere togap etdi.

Arkadagly Serdarymyza mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, bu teperrigi Türkmenistana we zähmetsöýer türkmen halkyna bildirilen çäksiz hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary dowam edýär.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: