Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna nobatdaky tabşyryklary berdi

31-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisde Milli goşuny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik mese-lelerini çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Şeýle-de ugurdaş okuw mekdepleriň ýaş harby talyplarynyň hem-de harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk terbiýeçilik işlerini guramagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Ýaragly Güýçleriň hatarlaryndan ätiýaçlyga goýbermek we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýazky çagyryş möwsümi boýunça amala aşyrylýan işleriň degişli derejede, kanunçylyga laýyklykda geçirilişini berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam edip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görlüp başlanmalydygyna ünsi çekdi hem-de degişli görkezmeleri berdi.

Türkmenistanda kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berk hem-de hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişi babatda gözegçiligi gowşatmazlyk baradaky tabşyryklar hem mejlisde berildi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň öňünde jenaýatçylyklary we administratiw hukuk düzgün bozulmalaryny öňünden duýdurmak, olaryň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmak, jemgyýetçilik tertibini goramak ýaly jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. Tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde, esasan, ýurdumyzy geljekde-de depginli ösdürmek üçin oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň kemala getirilmegi, döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak ýaly wezipeleriň durýandygyny belledi. Şolary üstünlikli çözmek üçin häzirki zaman ylymlaryndan, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ähli ugurlaryny özünde jemleýän döwlet goraglylygynyň netijeli guraly hökmünde milli kazyýet ulgamyna uly ornuň berilýändigini nygtady. Bu edaranyň ileri tutulýan wezipeleri kanunylygy, adalatlylygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmekden, hukuk düzgün bozulmalaryna getiren sebäpleri we şertleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi hem-de edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewraziýa yklymynda üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän geostrategik ornunyň barha artýandygyny nygtady. Bu ugurdaky işleriň möçberiniň artmagy gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine has jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýurdumyzyň gümrük serhetleri arkaly geçmek düzgüniniň berjaý edilişini hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys. Biziň şu maksatlara esaslanyp kabul eden Harby doktrinamyz hem goranyş häsiýetine eýedir. Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirmegi dowam ederis diýip nygtady.

Täzelikler

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: