Türkmenistanyň Prezidenti ýerlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlary diňledi

23-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz sebitleriň häkimleriniň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabatlaryny diňledi. Mundan başga-da, ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Şeýle hem welaýatlarda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu gymmatly çig maly tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl sebitlerde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýerlerde galla oragyna guramaçylykly girişmek we bu möwsümi gysga möhletde ýokary derejede geçirmek bilen bagly işlere aýratyn üns bermegi, orakda işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň, galla kabul edýän bölümleriň we hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň möwsüme birkemsiz taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak boýunça döredilýän ýörite toparlar öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmelidirler.

Soňra iş maslahatyna gatnaşanlar ýakynlaşyp gelen ajaýyp sene — Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabarasy bilen döwlet Baştutanymyzy mähirli gutladylar. Olar bu wakanyň halkymyzyň durmuşynda mynasyp orun alandygyny belläp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: