Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtdaky saglyk merkezleriniň birine baryp gördi

18-nji maýda Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi. Mälim bolşy ýaly, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2015-nji ýylda açyldy ― diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Hormatly Arkadagymyz merkeziň çagalaryň ýürek kesellerini bejeriş, daýanç-hereket ediş kesellerini bejeriş we beýleki bölümlerinde alnyp barylýan işler, döwrebap enjamlaryň mümkinçilikleri, çagalaryň saglygyna gowuşyşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan merkezde bejergi alýan çagalar üçin ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberdäki pul serişdesiniň goýberiljekdigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz keselleriň öňüni almakda maşgala lukmanlaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, olaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmegiň, keselleriň öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini we lukmanlaryň dispanser gözegçiligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady. Şunda hassahanalarda, saglyk öýlerinde tutuş halkymyzyň, ilkinji nobatda, çagalaryň we eneleriň saglyk ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürdäki koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meseleler, tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň şypahanalarynda, dynç alyş merkezlerinde, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda möwsüme görülýän taýýarlyk bilen gyzyklandy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza ukmançylygyň dürli ugurlary boýunça lukmanlaryň 150-sini Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradyjakdygy barada hem aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň şypahanalarynyň, dynç alyş merkezleriniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň möwsüme taýýarlygy, Daşoguzda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň açylmaga doly taýýardygy bilen bagly maglumatlary, şeýle hem halkara lukmançylyk hyzmatdaşlygy boýunça teklipleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirjekdigini aýtdy.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: