Hökümet mejlisinde sanly ulgam boýunça wezipelere seredildi

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, gün tertibiniň esasy meselesiniň sanly ulgam bilen baglanyşyklydygyny belledi ― diýip, TDH ýazýar.

Şuňa laýyklykda, mejlisde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda «Aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalaryny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.

Mejlisde hormatly prezidentimize Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde harytlary satyn almak boýunça bäsleşikleriň hem-de döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň sanly ulgamyny işe girizmek barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hödürlenen taslamany makullady we bu ugurdaky işi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimize Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada hem hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk derejede geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Türkmenistanda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna gözegçilik edýän ýolbaşçy hökmünde alyp barýan işine nägilelik bildirip, oňa käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekip, işi talabalaýyk derejede ýola goýmagy talap etdi.

Mejlisde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna ýokary baha berildi.

Döwlet Baştutanymyz möhüm oba hojalyk meseleleri bilen bagly anyk tabşyryklary hem berdi. Şeýle hem Türkmemnistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýgadynyň gününe ýokary derejede taýýarlyk görmek, «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara köpugurly sergisini guramaçylykly geçirmek barada hem tabşyryklar berildi.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: